Watan duzagy

Türkmenistanyň graždanlary ýurduň içinde-de, daşynda-da hukuksyzlykdan kösenýärler. Türkmenleriň hatda öz hukugyny talap etmäge-de hukugy ýok. Men indi 25 ýyl bäri dünýäni gezsem-de, türkmenler ýaly hukuksyz, basgylanan, depgilenen, kemsidilen, gözi gorkuzylan halky göremok.

Hemme zat deňeşdireniňde belli bolýar. Ozalky SSSR-iň düzümine giren halklaryň arasynda türkmenler ýaly hukuksyzy, dogrusy, indi ýok. Men käte, türkmenler allanäme ýaşap ýörsedii, onda meniň çeken jebrim hiç, ilim-günüm abat bolsa boldugy diýýärin, özümi köşeşdirýärin. Emma beýleki ýurtlaryň graždanlarynyň mertebesini türkmeniňki bilen deňänimde, aýraçylygyň diňe öz başymdan inen jebir däldigine gözüm ýetýär. Halk, dogrusy, ýurduň öz içinde-de, watandan aýry ýaşaýar, watana zar.

Ine, iň soňky bolup geçen waka-da Türkmenistanyň graždanlarynyň düýbünden hukuksyzlygyndan habar berýär. Şu ýylyň ýanwarynda Türkiýede türkmenistanly studentleriň Talyplar Raydaşlyk Bileleşigi döredildi. Ol türkmen studentleriniň özara kömek jemgyýeti. Bu jemgyýetiň syýasat bilen hiç bir işi ýok, ol iň ýönekeýje gurama, daşary ýurtda okaýan türkmen ýaşlarynyň, kynçylyga uçran halatynda biri-birine dostluk goluny uzatmak üçin, olaryň başyny birikdirmek üçin döredilen gurama.

Islendik ýurt, islendik döwlet, hökümet öz ýaşlary, graždanlary daşary ýurtlarda şunuň ýaly bir gurama döredip bilse, onda oňa ykdysady, sosial, hukuk taýdan elinden gelen goldawy berýär. Emma Türkiýede türkmen studentleriniň Raýdaşlyk Jemgyýetiniň gurlandygyny bilen Türkmenistan hökümeti nädendir öýdýäňiz? Ýaş oglan-gyzlara dostluk goluny uzadandyr, olaryň agzybirliginiň gadyryny bilendir, olaryň adam hukuklaryny hormatlandyr öýdýäňizmi?

Ýok, gynansagam, Türkmenistanda döwlet başyna bikanun dyrmaşan jenaýatçylykly bet üýşmeleňde adamçylyga degişli gymmatlyklary goldamaly, äsgermeli, hormatlamaly diýen düşünje ýok we iru-giç beýle gowy düşünjeler boljaga-da meňzänok.

Onsoň öz daşary ýurtdaky studentlerine ýardam bermeli Türkmenistan hökümeti basga düşüp, derrew Türkiýedäki türkmen Talyplar Raydaşlyk Bileleşiginiň ýolbaşçylaryny we aktiwistlerini aňtap başlady. Bu bikanun işde ilçihananyň käbir işgärleri aýratyn işjeňlik görkezdiler. Eger ilçihananyň Guwanç atly işgäri Talyplar Jemgyýetiniň başlygyny gorkuzmaga synanyşsa, Ankaradaky Konsulhananyň jogapkär işgäri Myrat Akmämmedow Jemgyýetiň baştutany Ömruzak Umarkulowy Türkmenistanda 25-nji martda geçiriljek Mejlis saýlawlarynyň ýygnagyna gatnaşdyrmak bahanasy bilen ýurda ugratmagy gurnady. Içýan hyzmatyny görkezip, Myrat Akmämmedow studente hatda mugt uçar biledini-de alyp berdi.

Göwnünde kir-kimir ýa öz döwletine hiç hili şübhe bolmadyk Ömruzak Umarkulow Myrat Akmämmedowyň hilegär wadasyna ynanyp, 14-nji fewralda Türkiýeden Aşgabada uçdy. Onuň ýanyna goşulyp iberileniň kimdigi näbelli bolsa-da, hünäri belli boldy. Ol ýaş ýigit Ömruzagy Türkmenistana eltip tabşyransoň, täk özi yzyna gaýdyp geldi. Ömruzagy bolsa indi, pasportyňda kemçilik bar, ony kompýuter okap bilenok diýen içýakgyç bahana bilen Türkmenistandan çykaranoklar. Gepiň keltesi Myrat Akmämmedowyň ýolbaşçylygynda gurnalan gabahat oýun netijesinde Ömruzak Umarkulow hilegär watan duzagyna düşürildi!

Ömruzagyň öz sözlerine görä, onuň pasportynyň möhleti 2022-nji ýyla çenli we kemçiliksiz, ýokary okuw jaýynda okaýany üçin harby gullukdan hem 2018-nji ýylyň maýyna çenli boşadylan hem bu baradaky dokument degişli edara öňden gowşurylan. Ömruzak häzir Türkiýede uniwersitetde bolmaly, çünki onuň okuw sapaklary gidip dur. Emma türkmen studentini aldaw bilen ýurda eltenler, ony okuwyny dowam etmekden mahrum edýärler we ýaş ýigidiň geljegini elinden almaga synanyşýarlar.

Men bu gabahat işi ýurtda höküm sürýän bikanun jenaýatçylykly toparyň gorkudan edilýändigine düşünýärin. Ogurlyga we korrupsiýa boýa-boý çümen adamlar her bir ýagşy niýetli başlangyçdan öler ýaly gorkýarlar, gorkusy üçinem, hemme zat gözlerine goşa görünýär.

Ýogsa, Ömruzagyň we onuň ýaşytdaslarynyň döreden studentler guramasy hiç kime, şol sanda Türkmenistandaky diktatura-da howp salanok. Sebäbi ol diňe raýdaşlyk jemgyýeti, syýasy gurama däl. Şonuň üçinem, eger nobatdaky gezek dünýä masgara bolmajak bolsa, ýurtda hökümetiň roluny oýnaýan bet üýşmeleň Ömruzak Umarkulowy haýdan-haý okuwyna goýbermelidir. Ýogsa, bu ýakymsyz habaryň örän gysga wagtda Halkara hukuk goraýjy guramalara baryp ýetjekdigine birjek-de şubhelenmese bolar.

Ak Welsapar, ýazyjy, derňeýji žurnalist

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *