Durmuşda her hili ýeňiş bolýar. Ýeňiş bar – oňa uly il begenýär, ýeňiş bar – uly il gynanýar. Ine, bu gün Türkmenistan utançly bir ýeňiş gazandy. Has takygy Türkmenistan Metbugat azatlygy boýunça dünýäde 180 ýurduň arasynda iň yzdaky 180-nji orny eýeledi.
Uly ýaryşda aýlawda atyň çyksa, gaýratyňy görkezip, ilden öňe düşseň, ýyndamlykda, güýçlülikde, çakganlykda birinji bolsaň, oňa ýetesi näme bar? Emma erbetlikde ýakaňy tanatsaň, onda sen kim bolýarsyň?
Aslynda hemme zatda küslüge urýan Berdimuhammedowyň hökümeti özüniň ýagşy işe ýarajak hökümetem, häkimiýetem däldigini eýýäm doly subut etdi. Berdimuhammedow hemme zatda ýalan sözleýär. Bir sahypa tekst ýazyp bilmeýän halyna, hamana, ýazyjydyryn diýip, öz adyndan eýýäm 50-den gowrak kitap çykartdy. Bir nurbatyny aýryp, gaýtadan ýerinde goýup bilmejek halyna, dünýä belli sport ulagyny söküp-düzen bolýar. Elektron abzallarda we iliň zehini bilen döredilen aýdymlary gaýtalap, aýdymçy bolan bolýar. Garaz, Berdimuhammedowyň her bir işi galp. Netijede Türkmenistan bütin durky bilen galp döwlete öwrüldi. Halk köçe-köçe, oba-oba bolup daşary ýurtlara gaçýar.
Gurbanguly Berdimuhammedow bolsa, iliň atyny duşakly çapdyryp, özi hemme kişiden ozan bolup, öz wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanyp, iki sany hemşerisi bilen Türkmenistany talamagy dowam edýär. Berdimuhammedowyň ”ýeňişleri” kime gülki, kime agy. Ol 2013-nji ýylyň 28-nji aprelinde atdan ýykylyp, dünýä masgara boldy. Emma şonda-da döwletiň 12 million dollar çemesi puluny ýeňiji hökmünde almakdan utanmady.
Ol gün ýurtda aga-gara düşünýänleň arasynda muňa başyny ýaýkap, hyrçyny dişlemedik adam az bolandyr. Beýle ýeňşe diňe binamyslar guwanyp, el çarpyp biler. Aslynda eger Prezident galplyk etse, öz gulluk wezipesini hyýanatçylykly peýdalansa, onda oňa-da, edil beýleki adamlar ýaly, sud edilmeli we günäsi subut bolsa, ol tussag edilmeli. Emma häzirlikçe Türkmenistanda ownuk ogrular tutulsa-da, iň iri üç sany güman edilýän jenaýatkärler Aleksandr Žadan, Wiktor Hramow hem Gurbanguly Berdimuhammedow tutulanoklar.
Dogrusy, Berdimuhammedow zerarly Turkmenistan indi dünýäde iň wejera galplyklaryň ýurdy diýlip tanalýar. Arkadagyň baştutanlyk edýän ýa gatnaşýan işleriniň hiç biriniň jemine ynanmak mümkin däl. Goý, ol gurluşyk bolsun, tigir sürmek ýa ralli, ýagny sport ulaglarynyň ýaryşy bolsun, at çapyşyk, edebiýat ýa aýdym-saz bolsun – parhy ýok, bu bäsleşiklerde indi ökde, güýçli däl-de, küs ýeňýär. Özem, millionlap pul goýulýan ýaryşlarda ýa-da tenderlerde, nämüçindir hemişe ýeňiji Gurbangulynyň özi ýa onuň maşgalasyndan biri bolup çykýar.
Hemme ýaryşda prezident ýeňjek bolsa, hemme tenderlerde onuň doganlary, ýegenleri ýeňjek bolsa, onda olary geçirmek nämä gerek? Oňa derek metbugatda ”Arkadagymyz ýa onuň ogly, doganlary ýa ýegenleri ýene bir uly ýeňiş gazandy diý-de, habar ber, wessalam – gep tamam! Ýurtda seniňki galp diýip, sesini çykarjak barmy nä? Türkmen özüniň mekir oýunda utulandygyny birçak boýun aldy. Indi oňa golaýlap gelýän hakyky göreşde ýeňiş gazanmak galdy.
Bu gün, ine, başda aýdyşymyz ýaly, Türkmenistan utançly ýeňişleriň ýene birine eýe boldy, ýagny, biziň ýurdumyz metbugat azatlygy boýunça Halkara derejesinde iň soňky orny eýeledi we dünýäde yzdan birinji boldy! Türkmenistan indi erbetlikde hatda dünýä belli elhenç diktaturalar Demirgazyk Koreýa bilen Eritreýadanam ozdurdy we masgaranyň masgarasy boldy. Bu hakykaty ýaňy-ýakynda ”Serhetsiz Reportýorlar” guramasy dunýä jar etdi. Serhetsiz Reportýorlar Türkmenistanyň bu ýeňşine “gaýgyly üstünlik” diýip at berdi.
Aslynda Metbugat azatlygy boýunça Türkmenistan Garaşsyzlyk döwründe elmydam dünýäde iň erbetleriň arasynda agzalyp gelinýär. Häzire çenli Demirgazyk Koreýa bilen Eritreýa bizden yzdady. Emma, ine, indi olaram bizden ganymat bolup çykdy. Munuň sebäbi olarda näme-de bolsa, gowy tarapa ýykgyn edilýär. Türkmenistan bolsa şol çarkandakdan-çarkandaga urup gidip otyr. Ine, indi Söz hem Metbugat azatlygy boýunça bu dünýäde Türkmenistandan ýaramaz ýurt galmady. Bu nähili utançly birinjilik! Bu nähili masgaraçylyk. Nyýazow bilen Berdimuhammedow Türkmeniň ýurduny nämä öwürdi?!
Türkmenlere mundan eýläk beýle masgara häkimiýete boýun egmek nämä gerek? Berdimuhammedowyň eden-etdilikde dünýäde birinjiligi eýeläp, doly bankrot bolan hökümeti türkmene nämä gerek? Diýmek, Balkan, Daşhowuz, Lepap, Mary welaýatlaryna Türkmenistanda geljekki parlament respublikasynyň düýbüni tutmak üçin, öz ýerli welaýat hökümetlerini gurmaga we gönümel welaýatara gepleşiklere girişmäge wagt ýeten bolsa gerek? Eger welaýatlarda ýerli hökümetler gurlup, Türkmenistanda Parlament Respublikasyny döretmek baradaky hereket başlansa, onda Erkin Türkmenistan Radiosy türkmen halkyna we halkara jemgyýetçiligine bu barada yzygiderli habar ýetirer.
Ak Welsapar, ýazyjy, derňeýji žurnalist