Türkmeniň aýtmadyk zady ýok

Täze ýylyň bosagasynda öz halkyňa degişli iň gowy zatlar ýadyňa düşýär. Türkmen halk nakyllary-da biziň hiç haçan gymmatyny ýitirmejek hazynamyz. Halk nakyllarynda milletiň durmuş pelsepesi, pähim-paýhasy jemlenen. Şol sebäpden, asyrlar çalyşsa-da, olar könelenok, ýatlasaň, külden çykan göwher ýaly, ruhuňa ýagty saçýar. Bu baýlyk, könelmekden geçen, gaýta ýyl geldikçe ýitelýär, lowurdap, öwüşgini artýar.

Asyrlaryň dowamynda goýazylaşan halk paýhasynyň dürdäneligine kaýyllar galaýmaly! Käte olar durmuşyň iň inçe taraplaryndan tutýar: ”Kilim satsaň, goňşa sat, gyrasynda oturarsyň!” Bu nakyly eşidip, neneň gussaly ýylgyrmajak? Eýse, kyn günde aljyrap, alňasap, öz ar-namysyny, abraýyny terezä salýan adamlar ”Ajygan ölmez, alňasan öler!” diýen halk pähimini ýatlasalar, bu olary açlyk-horlukdan-da has erbet belalardan gutarmazmy?

Garaşsyzlyk ýyllarynda, hut bu aýaklap barýan 2019-njy ýylda-da, ýaranjaňlaryň it masgarasy bolup, prezidentiň üzeňňisinden üç geçişini, onuň öňünde ýedi epilip, bükülip, ommalyp, öz egoistik bähbitleri üçin türkmeniň asyrlaryň dowamynda gan döküp gazanan milli at-abraýyny ýere sokuşlaryny göreniňde, ata-babalarymyzyň ”Il aglak bolsa, doňuz depä çykar” diýen nakyly biygtyýar ýadyňa düşýär. Bu nakyl, elbetde, dörän günem gerek bolandyr, ýöne onuň türkmene bu günki derwaýyslygy welin, hiç bir zadyň çaky däl!

Milletiň müňýyllyk durmuş tejribesinden dörän diňe bir pähimi unudany üçin türkmeniň garaşsyzlygy gulçulyga öwrülmedimi nä? Dil birikdirse, ýagy gaýtaryp biljek edenli kişileriň kyn hem jogapkärli pursatda beýik Magtymgulynyň ”Uzak ýola bidöwleti baş etme” diýen öwüdini äsgermezlik edeni üçin, bu gün millet, ýurt nä günlere uçrady?!

Türkmeniň aýtmadyk zady ýok. Onuň gadymy halkdygyny nakyllaryndan, pähimlerinden biläýmeli. Alymlar gussaly degişmä meňzeş bir çaklamany orta atýarlar. Şol çaklamada käbir etnoslaryň geljekde öz dilini ýitirip, hamana, başga milletlere goşulyp gitjekdigi aýdylýar. Meniň pikirimçe, eger bolmaz iş bolup, türkmenler, özbaşdak halk hökmünde, ýaşamagyny bes edäýse, onda ata-babalarymyzyň döredip, bize miras goýan nakyllaryny, Magtymgulynyň beýik eserlerini, klassyky türkmen sazlaryny gönezlik edinip, türkmeni iru-giç ýene täzeden janlandyrsa bolardy. Sebäbi klassyky sazlarymyzda, edebiýatymyzda, nakyllarymyzda – biziň bu günki gün ýat edip, uludan agysyny aglaýan elýetmez beýikligimiz – türkmeniň taryhy ýadygärlige öwrülen haýran galdyryjy belent, güýçli ruhy bar!

Geçen ýyllara hem geljege göz aýlap, halkyň, ýurduň ykbaly dogruda oýlananyňda, türkmeniň ýene bir ýerlikli pähimi ýadyňa düşýär: ”Suw akar – daş galar!” Bu pähim durmuş näçe agyr bolsa-da, ýeňlesleriň ýitip, agraslaryň galjakdygyny, kökli adamlaryň hiç bir kynçylyga garamazdan, milletiň iň gowy, asyl gylyklaryny nesilden-nesle geçirip, dowam etdirjekdigini nygtaýar. Hawa-da, türkmeniň aýtmadyk zady ýok. Şonuň üçinem gönezligi güýçli milletiň asyl sypatlarynyň hiç haçan ýitip gitmejegine ynanasyň gelýär. Ol ruh, ähli kynçylyklardan geçip, bu gün geljegiň gapysyny kakýar. Men türkmen il-ulusyna täze ýylda saglyk, bagt, maşgala agzybirligini hem öz geljegini ata-babalarymyza mynasyp beýik ýeňişlere bezemegini arzuw edýärin! Täze ýylyňyz gutly bolsun, adamlar!

Ak Welsapar, ýazyjy

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *