Türkmen telewideniýesi – guýrugyna tirkelen it (1 / 7)

by herwigphoto.com
by herwigphoto.com

Biziň gürrüňimiz – ullakan bir döwlet edarasynyň başlygy barada. Ol edaranyň ady juda haýbatly, üssesine-de, il arasynda aýdylyşy ýaly, edil ”itiň içegesi ýaly uzyn”. Garaz, tüýs şol adyna bukulyp, ogurlyk edip ýörmeli döwlet edaralarynyň biri.

Emma bu edara näçe haýbatly bolsa-da, onuň başlygy, wezipesi boýunça, döwletde ýokary derejeli baştutanlaryň sanawyna girenok. Sebäbi, Türkmenistan ýaly totalitar döwletde, bu edara öz işini döwlet baştutanlarynyň buýrugyna we islegine tabynlykda ýöretmeli bolýar. Çünki Türkmenistanyň şertlerinde bu edarada, demokratik ýurtlardaky ýaly, döwlet syýasatyna täsir etmek ýa gözegçilik etmek mümkinçiligi bolmaýar we ol diňe ýokary häkimiýetiň sadyk gullugynda durýar.

Gürrüň jemgyýetde oýnaýan roly boýunça, demokratik hukuk döwlet sistemasynda dördünji häkimiýet diýilýän we biziň döwrümizde köpçülikleýin habar serişdeleriniň arasynda iň möhüm orny eýeleýän Telewideniýe barada barýar.

Gepiň gerdişi gelende, ýedi kanaly bolan Türkmen telewideniýesiniň işiniň häzirki wagtdaky gurluşyna düşünmek üçin, geliň, ilki onuň SSSR döwründäki gurluşyna gysgaça ser salalayň. Sowet döwründe Telewideniýe bilen Radio Türkmenistan Telewideniýe we Radiogepleşikler baradaky Döwlet komitetine girýärdi. Agzalýan Komitetetde Telewideniýe bilen Radiodan başga-da Türkmentelefilm we Halk saz gurallary ansambly bardy. Ol wagt, öz döwrüne görä tabyn edilen ideologiýany hasaba almasaň, Döwlet Teleradiokomitetiniň gurluşy öz öňünde goýlan wezipä laýyk gelýärdi we struktura maliýe-hojalyk taýdan sazlaşykly we funksional işlemäge ukyplydy. Teleradiokomitetiň maliýe serişdeleriniň berk gözegçilik astynda bolmagy-da uly ogurlyklaryň öňüni alýardy. Ol döwürde Teleradiokomitetde uly ogurlyklar beýlede dursun, hatda iň kiçi ogurlyklaram tiz paş edilýärdi. Meselem, 1980-nji ýyllaryň birinji ýarymynda bir radiožunalist iliň adyna galamhak ýazyp, ogurlyk edende, bu tiz belli boldy we ol türmä düşmän sypsa kaýyl boldy. Emma ogry-jümrüleri öz süýtdeş dogany ýaly gowy görýän Saparmyrat Nyýazow SSSR ýykylan badyna bu ogryny öz Metbugat sekretary edip işe aldy. Ýöne ”Öwrenilen gylyk örkleseňem durmaz” diýlişi ýaly, ol zaňňar Köşkde-de ýene ogurlykda tutulyp, 17 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Geliň, häzirlikçe biz ýene-de Döwlet Teleradiokomitetiniň işine dolanalyň. Garaşsyzlyk döwründe näbelli sebäplere görä, Türkmenfilm ilki Türkmentelefilm bilen birleşdirilýär, soňam 2007-nji ýylda Türkmentelekinofilm ady bilen Türkmenistanyň Telewideniýe, Radiogepleşikler we Kinematografiýa baradaky Döwlet komitetiniň garamagyna berilýär.

Bu edaranyň maliýe işleriniň gurnalyşy has-da bulaşyk. Sebäbi haýsydyr bir düşnüksiz sebäplere görä, Döwlet Teleradiokomitetiniň düzüminde ”Hojalyk hasaplaşygy usulyndaky Döwlet Teleradiomerkez kärhanasy” döredilip, oňa-da aýratyn uly maliýe ygtyýarlyklary berlip, Teleradiokomitetiň ähli üpjünçilik we maliýe işleri şol kärhananyň eline berilýär.

Netijede birnäçe örän möhüm döwlet edarasy, ýagny Türkmen Telewideniýesi, Türkmenistan Radiosy, Türkmentelefilm, Türkmenistan Kinematografiýasy, Mahabat müdirligi – maliýe we rekwizit hem studiýalaryň gurnalyşy hem telewizion- we radioelektron enjamlar bilen üpjünçilik babatynda Döwlet Komitetiniň düzümindäki ”Hojalyk hasaplaşygy usulyndaky Döwlet Teleradiomerkez kärhanasyna” garaşly edilýär. Gepiň gysgasy, başak düňderilmedik ýurtda: guýruk itiň yzyna tirkelse, Türkmenistanda it guýrugyň yzyna tirkelýär…

Bu edara ”Hojalyk hasaplaşygy usulynda işleýän Döwlet Teleradiomerkez kärhanasy” diýlip at berilmegi bolsa, Teleradiokomitetiň guramaçylyk taýdan düzülişini prezidente hödürlän adamlaryň ne döwlet, ne-de hojalyk işinden başynyň çykýandygyny äşgär edýär. Sebäbi şol bir edara bir wagtda hem hojalyk hasaplaşygy usulyndaky hem döwlet edarasy bolup bilmeýär. Bularyň ikisi biri-birine garşy zatlar. Diýmek, ”Hojalyk hasaplaşygy usulyndaky Döwlet Teleradiomerkez kärhanasy”, halk arasynda aýdylyşy ýaly, hem şehit boljak, hem diri gezjek.

Hojalyk hasaplaşygyndaky kärhana döwlet edarasy diýen status onuň başlygyna diňe döwleti talamak üçin gerek bolandyr. Sebäbi şondan soň öz garyn boşlugynda ýuwdarha göterýän Teleradiokomitetde diňe öz işgärlerine aýlyk hakyny bermek hukugy galýar. Sebäbi bu mekir maliýe duzagynda Komitetde başga erk bolup bilmez. Onsoň her ýyl Merkezi bankdan döwletiň berýän 280 million manat puluny alyp, ony hem lükgeligine diýen ýaly öz garamagyndaky ”Hojalyk hasaplaşygy usulynda işleýän Döwlet Teleradiomerkez kärhanasyna”, ýagny, öz guýrugyna geçirmek bilen oňýar.

Netijede her ýyl ozalky resmi döwlet kursy boýunça alanyňda, tas 100 million dollar holtumyna girýän guýruk ilki aždarha, soňam ýuwdarha çykýar. Döwlet Teleradiokomiteti bolsa, öz guýrugyna daňylýar. Beterinden beteri bar diýleni, ine, bu pully guýrugyň Baş direktory edibem tele we radiožurnalistikadan ýokary bilimi bolmadyk adam bellenilýär. Ine, hut şu oýlanyşyksyz ädim-de geljekde Türkmenistanda döwlet emeldary tarapyndan owal-ahyr edilmedik hatda düýşde-de görülmedik derjedäki urdumşalyga, ogurlyga, parahorluga hem eden-etdilige giň ýol açýar.

Çünki Türkmenistanyň Telewideniýe, Radiogepleşikler we Kinematografiýa baradaky Döwlet komitetiniň ”Hojalyk hasaplaşygy usulynda işleýän Teleradiomerkez Döwlet kärhanasynyň” Baş direktory edilip, öň agyr jenaýatda tutulyp, öz familiýasyny Erkäýew bolanlykdan Ekeýew diýip üýtgeden Serdar Ekeýew oturdylýar. Bu bolsa ahlagy gara gazana gaýra dur diýýän ozalky jenaýatçynyň elinde ýurduň prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedowyň maliýe mümkinçilikleri bilen bäsleşip biljek derejedäki maliýe we administratiw häkimiýetiň jemlenmegine getirýär.

Ak Welsapar.

2019-12-20

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *