2019-njy ýyl Türkmenistan üçin gaty agyr ýyl boldy. Bütin ýyl azyk gytçylygy astynda geçdi. Daşary ýurtlarda okaýan türkmen studentleri 100 dollar bilen bir aý oňmaly edildi. Bu çäklendirmäni eşidenimde, daşary ýurtda ýaşaýan türkmen hökmünde, iniň tikeneklänini duýman galýarsyň. Sebäbi 100 dollar bilen hiç ýerde bir aý oňmak mümkin däl. Bu asla akyla sygmajak zat. Emma muňa garamazdan, Berdimuhammedowyň oýnatgy režimi, ”Dokuň açdan habary ýok” diýlenini edip, daşary ýurtlarda okaýan türkmen studentlerini dünýäniň iň garyp studentlerine öwürdi.
Munuň üssesine, daşary ýurtlarda türkmen studentlerine işlemäge-de rugsat ýok. Talyplar Türkmenistana kanikula baranda, olardan eýýäm aeroportda ”Sen okuwyň daşyndan işleýäňmi? Işleseň, bu seniň düzgüni bozdugyň bolýar” diýip, azar berip ugraýarlar. Soňam Aşgabadyň Halkara aeroportyndaky korrumpirlenen, parahor gümrükçiler we barlagçylar ”Okajak diýip gitdiňmi, diňe okuw okamaly!” diýip, akyl satýarlar. Emma olar studentiň daşary ýurtda nädip bir aýda 100 dollar bilen oňmalydygyny pikirem edenoklar. Olar öz öýüne kanikula barýan talyplara, olardan bäş-üç dollar para hantama bolup, azar ýamanyny berýärler.
Ýadyňyzda bolsa, Berdimuhammedow, bir bigünä taýçanagy kişňedip, oňa Rowaç diýip at dakyp, 2019-njy ýyly Türkmenistan üçin Rowaçlyk ýyly diýip yglan edipdi. Eýse, soňlanyp barýan ýyl türkmen halky üçin rowaç ýyl boldumy? Bu soraga biragyz ”ýok” diýip jogap berip bolar. Ýurtda 2019-da ne bugdaý plany doldy, ne-de pagta plany. Meselem, pagta plany, biziň ýerli synçylarymyzyň habar bermegine görä, diňe 40% ýerine ýetirildi.
Emma muňa garamazdan, Berdimuhammedow öz ogly Serdaryň döşüne, hamana, Ahal welaýatynda pagta planyny üstünlikli dolany üçin diýip, orden dakdy. Bu nähili bihaýalyk! Ol pagta ekilende ýok, dikilende ýok, Ahal welaýatynda pagta planynyň dolmadygynam bütin il bilýär, emma şonda-da prezident öz oglunyň döşüne orden dakýar! Diýmek, Türkmenistan döwlet däl-de, maşgala kärhanasy bolýar!
Diýmek, Türkmenistanyň bütin ýyl agyr zähmet çeken halky, Daşhowzuň, Lebabyň, Marynyň pagtaçylary, Balkanyň maldarlary Serdarça ýok. Diýmek, Türkmenistany aýlaýan diňe Berdimuhammedowyň çüýrükler klany. Gepiň gysgasy, 2019-njy ýyl Berdimuhammedowyň ysnat, oýnatgy režiminiň ähli aýyplaryny ýene bir gezek ile ryswa etdi.
Rowaç taýçanakly hekaýat bolsa, ahyrsoňunda Berdimuhammedowyň bütin dünýä masgara bolmagyna getirdi. Sebäbi 2019-njy ýylyn dekabrynda Amerikanyň Golliwud kinostudiýasy Berdimuhammedow hakynda ”6 Undergound”, ýagny ”Alty gizlin söweşiji” atly film çykardy. Bu filmde Gurbanguly Berdimuhammedowa Rowaç Alymow diýlip at berilýär we ol dünýäniň iň ganhor diktatory edilip görkezilýär. Filmiň soňunda Rowaç Alymow edermen gahrymanlar tarapyndan ele salynýar we Türkmenistan Berdimuhammedowyň, Žadanyň hem Hramowyň ganhor diktaturasyndan azat edilýär.
Bu ýyl, Gurbangulynyň öldi habary ýaýransoň, Amerikada Gurbangula bagyşlanan birnäçe gülküli, ýaňsyly tankydy telewizion şoular çykdy. Ol satiriki gepleşiklerde Türkmenistandaky taýçanakdan haraý gözleýän akmak režim, Berdimuhammedow hem onuň öňünde ommalyşyp ýören ministrler dünýäde iň nalajedeýin döwlet ýolbaşçylary hökmünde masgara edilýär.
Amerikada Berdimuhammedow barada bu ýiti ýaňsyly filmiň çykmagy – üns bereniňe degýän waka. Sebäbi 2003-nji ýylyň öň ýanlarynda, ýagny Yragyň diktatory Saddam Huseýn agdaryljak bolanda-da, ol hakynda edil ”6 Undergrund” ýaly ýaňsyly filmler çykypdy. Diýmek, Berdimuhammedow, onuň daýy-ýegenleri, Dadaýew ýaly gemrijiler üçin şowly bolan, emma Türkmenistanyň halky üçin juda agyr geçen 2019-njy ýylyň bu iýiji tohum üçin iň soňky ýyl bolmagy ähtimaldyr. Goý, häzirlikçe bu diňe çaklama hem arzuw diýeliň. Emma öz ýurdunda hor-homsy ýaşaýşa sürgün edilen türkmeniň, türkmenistanlylaryň geljekden ýagşy umytda bolmagyny hiç kim gadagan edip bilmez. Bu ýagşy umyt hem halk öz hakyny talap edip baş göterende, hakykata öwrüler.
Ak Welsapar, ýazyjy, žurnalist