Birwagtlar metbugat, radio we telewideniýe doly hökümetiň elindedi. Onsoň hökümet başyndakylaryň “ak” diýeni, ak, “gara” diýeni, garady. Kimdir biri halkyň tarapyny tutup, hökümeti tankytlasa, ony metbugatda ýepbekläp, galmaz ederdiler. Ol adam soň başyny gutaryp bilse razydy. Sebäbi ol döwürde erkin žurnalistler bilen hökümetiň oýny deň däldi: metbugat, radio we telewideniýe doly hökümetiň elindedi, hakykaty açjak bolýan adamynyň elinde-de hiç zat ýokdy. Ol öz sözüni halka ýetirip bilmezdi.
Bu ýagdaýy 1980-1990-njy ýyllarda TKP MK-nyň şol wagtky 1-nji sekretary Saparmyrat Atamyradowiç Annanyýazow (soň ol Sapar Ataýewiç Nyýazow boldy) öz hakyky aslyny halkdan gizlemek üçin ulandy. Sebäbi 1980-nji ýyllaryň ahyrynda halk arasynda Saparmyrat Nyýazowyň aslynyň türkmen däldigi dogruda ilkinji habarlar ýaýrady. Türkmen hökümetiniň gizlin syrlaryndan habarly adamlaryň käbiri doganlyk özbek halkyndan bolan Gapurowdan soň türkmeniň başyndan dikmek üçin KGB-niň kürt asylly Saparmyrat Atamyradowiç Annanyýazowy ýörite ýetişdirendigini aýdýardylar. Nyýazow bolsa bu maglumatdan nämüçindir öler ýaly gorkýardy, şonuň üçinem ol Türkmenistanda hemme zatdan öňürti Söz we Metbugat azatlygyny ýok etdi we açylyp ugran hakykatyň üstüni basyrmak üçin, gyssagly çäreleri gördi. Bu hakda biz ýakyn geljekde ýörite material çap ederis. Gynançly ýeri, hökümetiň metbugat agalygyny hemişe halkdan döwletiň garaňky syrlaryny gizlemek üçin ulanýandygy.
Agzalýan döwürde ýurtda söz, metbugat azatlygynyň gadaganlygy bilen ilkinji bolup çaknyşan “Agzybirlik” Demokratik Halk Hereketi boldy. Türkmen metbugaty, telewideniýe we radio 1989-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda türkmen dilini we milli mertebesini gorap orta çykan ”Agzybirligiň” üstünden gije-gündiz hapa guýdy. Haçan-da “Agzybirlik” galp töhmete jogap berjek bolanda, onuň öňünde hemme gapylar ýapylýardy. Agzalan döwürde “Agzybirligiň” üstünden hapa guýjak adamlaryň islendik töhmeti üçin gazet-žurnallaryň, radionyň, telewideniýäniň gapysy açykdy. Töhmetçi näme ýazsyn, näme diýsin, onuň parhy ýok, diňe oýnatgy hökümetiň garşysyna çykanlara gara sürtse boldugydy.
Indi ol döwür geçdi. Indi dünýäde kompýuter we Internet bar, adamlaryň elinde Internete çatylan millionlarça mobil telefonlar bar. Indi halk bähbidini araýan adamlaryň sesini sem etmek başartmaz. Häzirki wagtda gazet-žurnal okaýan, telewizor görýän adamlar bilen özüne gerek maglumatlary Internetden alýan adamlaryň sany deňleşdi. Emma Türkmen hökümetini bikanun eýeläp, halka sütem edip oturan Berdimuhammedow, Hramow we Žadan henizem özlerinde metbugat monopoliýasy bardyr öýdýärler. Şonuň üçinem olar öz ýalýagy hakynatutma žurnalistlerini ”Erkin Türkmenistan” Radiokanalynyň üstüne küşgürýärler. Bize hapa töhmet atdyryp, öz garaňky syrlaryny gizläp bileris öýdýärler.
Emma Köşk eýeleriniň hem köşk ýaranjaňlarynyň bir düşünmeýän, akyllarynyň ýetmeýän zady bar. Bu gün men olara ol hakykaty açmakçy: Jenaplar, arrygyňyzy gynamaň! Siziň pirimiňiz paşmaz, indi oýun deňleşdi! Çünki 1980-1990-njy ýyllardan bäri dünýä üýtgedi, özem düýpli üýtgedi. Indi dünýäde kompýuter, Internet we mobil, ýagny el telefonlar bar! Diýmek, siziň köpçülikleýin habar serişdeleriniň üstünden agalygyňyz tamam boldy!
Indi siz, isleseňiz-islemeseňiz-de, özüňizi edepli alyp barmaly bolarsyňyz. Biziň talabymyz şeýle: Türkmenistanda Söz we Metbugat azatlygynyň üstünden gadagançylygy aýryň! Demokratik saýlawlara ýol açyň! Berdimuhammedow, siziň prezidentlik möhletiňiz gutardy! Ýurtda indiki prezidentlik we parlament saýlawlary hökman demokratik hem hakyky bäsdeşlik ýagdaýynda geçmeli! Halka sütem etmäň, halkyň hakyny iýmäň! Türkmeniň tebigy baýlyklaryny saga-sola arzan bahadan sowurmany bes ediň!
Siz daşary ýurtlardaky erkin türkmen žurnalistleriniň, ýazyjylarynyň, syýasatçylarynyň we ýaslarynyň sesini sem edip bilmersiňiz. Ol döwür geçdi! Eger-de kimdir biri ”men bu işi başararyn” diýse, oňa ynanmaň. Sebäbi indi dünýäde aragatnaşyk tehnologiýasy siziň çakyňyzdan has ýokary galdy. Internetde Facebook, Ýoutube, Instagram, Twitter ýaly sosial ulgamlar bar. Türkmenler ol sosial ulgamlardan peýdalanmany öwrendiler.
Nämäniň nämedigine düşünmek üçin, bu ugurdan diňe bir mysal getirmegem ýeterlik. Meselem, bir aý çemesi mundan öň biziň sesimizi gapdyrjak bolup, siziň hakynatutma žurnalistleriňiz “Erkin Türkmenistan” Radiokanalynyň üstünden hapa guýdy. Eýse, munuň netijesi nähili bolandyr öýdýärsiňiz? Bu hökümet başyndakylar üçin diňe masgaraçylyga öwrüldi. Sebäbi biz ol töhmetçilikli materialy siziň öz garşyňyza öwürdik. Netijede dünýä türkmenleri Berdimuhammedowyň doňza deňelen suratyny görmäge we degişli makalany diňlämäge mümkinçilik aldylar. Iň gülküli ýeri-de, ol çykyşyň awtorlary biz däl, eýse öz köşk žurnalistleriňizdi. Gepiň gerdişine görä aýtsak, ol çykyşy Yutubede 20 günde 25 müň adam gördi we ol 133 gezek paýlaşyldy.
Netijede köşk žurnalistleriniň hem Şwesiýadan olara ýardam berýän bir bikär adamynyň (ol kişi öz adyny näçe gizlese-de, biziň internet tehniklerimiz kimdigigini belli etdiler) bilelikde taýynlan biedep wideomaterialy Berdimuhammedowy bütin dünýä masgara etdi. Çünki eger köşk žurnalistleri bizi doňza deňemedik bolsa, Berdimuhammedowy doňza deňemek, belki, biziň ýadymyza-da düşmezdi. Şonuň üçinem biz Türkmenistanyň başynda bikanun oturan adamlara şeýle diýmekçi: jenaplar, siz Türkmen metbugatynda dolanyp öz maňlaýyňyza urlanda janyňyza ýakmajak zatlary çap etmäň! Sebäbi näme çap etseňiz, biz ony günübirin siziň öz garşyňyza öwreris. Bizi doňza deňeseňiz, özüniz doňuz bolarsyňyz, ite deňeseňiz, özüňiz it bolarsyňyz. Ýatda saklaň, biz erkin dünýäde ýasaýarys we biziň okyjylarymyzyň, diňleýjilerimiziň sany siziňkiden müňlerçe esse köp.
Sözümizi jemläp aýtsak, bumerang diýen gadymy we örän ýönekeý bir ýarag bar. Ony emelsiz adam zyňsa, yzyna öwrülip gelip, öz maňlaýyňa degýändir. Siziňki hem hut şeýle. Siz ”Erkin Türkmenistan” Radiokanalyna töhmet atmakçy bolanyňyzda, öňürti gowuja pikirleniň, öz hapaňyzyň, edil bumerang ýaly, öwrülip öz ýazzy maňlaýyňyza degjekdigini öňünden biliň!
Ak Welsapar, ýazyjy, žurnalist