Neşe belasy

Hormatly ildeşler, Erkin Türkmenistan Radiosynyň hökümete golaý çeşmesinden ýakynda gelip gowşan habara görä, häzir barha çuňlasýan ykdysady, sosial krizisiň fonunda, ýurtda hökümet tarapyndan käbir ýeňil neşeleriň ulanylmagyna kanuny ýol açmaga taýynlyk görülýär.

Assyrynlykda taýynlanýandygy aýdylýan, emma häzirlikçe goşmaça çeşmelerden tassyklama alyp bolmadyk bu kanunyň kim tarapyndan hödürlenýändigi we oňa Mejlisde açyk garaljagy ýa-da garalmajagy näbelli. Emma bu çäräniň öz wagtynda halkyň garşysyna gara maksat bilen ulanylandygyny göz öňünde tutsaň, onda biynjalyk bolmaga doly esas bar.

Ýadyňyzda bolsa, 1992-nji ýylyň ýazynda, Balkana baranda, telewideniýeden çykyş edip, şol wagtky prezident Saparmyrat Nyýazow Içeri işler ministrliginiň we Döwlet howpsuzlyk komitetiniň ýolbaşçylaryna şeýle buýruk beripdi, sitata: ”Indiden eýläk, ýanyndan bäş-üç gram neşe tapdyk diýip, adamlara azar berip, tutup-basyp ýörmegi bes ediň!” sitatanyň soňy. Şondan soň ýurt aýylganç neşe belasyna uçrady we 15 ýylda ýüz müňlerçe adam, esasanam  ýaşlar, geroinden, tirýekden, sintetiki we beýleki neşelerden gyryldy. Örän köp maşgalalar bozuldy, ýüzlerçe müň çaga ýetim galdy. Millet agyr derbi-dagynçylyga uçrady.

Bu çäräni Nyýazow, SSSR ýykylansoň ýurtda dörän agyr ykdysady hem sosial krizisiň fonunda, türkmen halkyny, aýratynam ýaşlary syýasatdan daşlaşdyrmak, ilaty elgarama ýagdaýa salyp, hökümeti öz elinde saklamak üçin ulandy. Häzirki ýaly agyr ykdysady we sosial kynçylyklar zerarly halkda närazylygyň gun-günden güýçlenýän wagty, döwlet başyndaky bet üýşmeleňiň, hökümeti elde saklamak üçin öň bir gezek ulanylan mekir pirime gaýtadan ýüz urmagy hakykatdan o diýen üzňe bolup görünmeýär. Hut şonuň üçinem biz Türkmenistanyň ilatyny, aýratynam ýaşlary ýurduň üstüne gaýtadan abanmagy ähtimal aýylganç neşe belasyndan goranmaga taýyn bolmaga çagyrýarys.

Söwdagärler we çemeçil adamlar, döwlet muňa ýol beräýende-de, ýurda tirýek, geroin, göknar, sintetiki we beýleki neşeleri getirip gazanç etmekden daş durmalydyr. Neşe söwdasy haramdyr. Neşe söwdasyndan, iliň öýüni ýykyp gazanylan pul, hiç kimiň ýagsysyna ýaramaz.

Nyýazow döwrüniň tejribesi ölüm howply neşeleriň esasan Owganystandan hem Eýrandan getirilýändigini belli etdi. Hut sonuň üçinem biz Eýranyň hem Owganystanyň çäklerinde ýaşaýan türkmen ilatyny biziň halkymyzyň garşysyna gurnalýan neşe söwdasyna gatnaşmazlyga çagyrýarys. Siz Türkmenistandan Owganystana we Eýrana neşe söwdasyny etmäge baran bet niýetli türkmen söwdagärlerine gaýtawul beriň! Türkmen milletini, biziň hemmämiziň geljegimizi elimizden alýan bulanyk neşe derýasynyň öz üstüňizden päsgelsiz akyp geçmegine ýol bermäň! Şonda türkmeniň geljekki nesilleri size ebedi minnetdar bolar.

Bu agyr döwürde türkmenler öz maşgalasyny hem biri-birini dürli bela-beterlerden bilelikde goramalydyr. Neşe bolsa biziň halkymyz üçin iň gorkuly belalaryň biridir. Türkmenler, türkmenistanlylar ýurduň üstüne abanýan agyr howplardan diňe bilelikde goranyp bilerler.

Ak Welsapar, ýazyjy, žurnalist

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *