Näme üçin türkmenden millioner ýok? – 1

Dogrudanam, näme üçin Türkmenistanda türkmenden millioner ýok? Bu soragy men soňky on-on bäş ýylda öz ýanymdan kän gezek gaýtaladym we oňa jogap agtardym.  Elbetde, bu soraga aňsat jogap berjeklerem tapylar, emma her halda bu sorag ilki çakyňdan has düýpli sorag. Bu soragyň jogaby Türkmenistanyň döwlet gurluşynyň düýp esaslaryny, häsiýetini we onuň barýan ugruny anyk hem aýdyň görkezip biler.

Resmi statistika görä, ilat sany bäş milliondan sähel artyk, ýerüsti hem ýerasty baýlyklarynyň jemini ilatyň jan sanyna böleniňde, hatda dünýäniň iň baý döwletleriniň biri Birleşen Arap Emirliklerindenem 7% artyk baýlyga eýe bolan Türkmenistanda, döwlet garaşsyzlygy alnandan 25 ýyl soňam, milliarder-ä beýlede dursun, hatda  ýekeje millioneriňem bolmazlygy eýse biraz geň dälmi?

Men biziň ýurdumyzda millionlap puly bolan adamlaryň bardygyny çak edýärin. Ýöne barybir olara millioner diýip bolmaýar. Sebäbi ol pullar, meger, bikanun ýol bilen toplanan bolsa gerek. Diýmek, kanunyň gözünden garanyňda, bu ogurlykdyr we ol pullaryň eýeleri-de ogrular we jenaýatçylardyr.

Eýse, näme üçin Türkmenistanda ylymly-bilimli, telekeçi, başarjaň, gujurly we ynsaply adamlara millioner ýa milliarder bolmak başardanok? Geliň, bu hakda bilelikde oýlanyp göreliň.

Türkmenistanyň iň uly ýerasty baýlygy – tebigy gaz. Tebigy gazyň barlanan rezerwleri boýunça Türkmenistan dünýäde üçünji ýa-da iň bärkisi dördünji orunda durýandygy aýdylýar. Diýmek, biz örän ätiýaçly pikir öwrenimizde-de, Türkmenistan öz tebigy gaz baýlyklary boýunça dünýäde dördünji orunda durýar diýen hasaplamalardan ugur alyp bileris. Türkmen topragyndan millionlap tonna nebitiň çykýandygyny-da unutmaly däl.

Diýmek, eger ýurtda tebigy gazdyr çig nebitiň önümçiligi dogry ýola goýulsa, onda her bir türkmeniň, her bir türkmenistanlynyň hut begiňki ýaly güni bolmaly. Sebäbi tebigy gaz, nebit diýlende, diňe ýakylýan jisim diýildigi däl, gaz, nebit gazylyp alnanda olar bilen ugurdaş başga-da ençeme çig mallar çykýar. Meselem, nebit-gaz ýataklaryndan ugurdaş çykýan çig gaz kondensatyndan işlenip alynýan durnukly kondensatdan soňra benzin, ligroin, kerosin, ýaglar hem-de aromatik uglewodorodlar – benzola, tolýola, ksilola ýaly önümler öndürilýär. Diýmek, tebigy gaz, nebit önümçiliginiň dogry ýola goýulmagy – ýurduň ilatynyň uly bölegini iş ýerleri bilen üpjün etmäge mümkinçilik bermeli.

Eger garaşsyzlyk ýyllarynda bu iş Türkmenistanda dogry ýola goýlan bolsady, onda gaz, nebit önümçilgindäki iň jogapkärli wezipelerde türkmenler, türkmenistanlylar işlärdi we bu hem olaryň arasyndan onlarça adamlara legal, ýagny hakyky kanuny millionerlere öwrülmäge ýol açardy.

Biz häzirlikçe esasan tebigy gazyň gürrüňini etdik. Emma tebigy gaz Türkmenistanyň ýeke-täk baýlygy däl ahyryn. Ýaňky aýdyşymyz ýaly, bizde millionlap tonna nebit, ýod we birnäçe beýleki gymmatly minerallar önýär. Gepiň gerdişine görä aýtsak, SSSR-de öndürilýän ýoduň tas gylla ýary diýen ýaly Türkmen topragyndan alynýardy. Tebigy gaz bilen ugurdaş bizde her ýylda 300 müňden 400 müň tonna çenli kükürt çykýar. Oba hojalyk önümlerini ýatlasak, onda türkmen topragynda pagtanyň dünýäde ýokary bahadan geçýän gymmatly inçe suýümli sortlary ýetişýär. Onuň üssesine-de Türkmenistanyň klimaty häzirki döwürde dünýä bazarynda juda geçginli ekologik gök we bakja ekinlerini, dürli miweleri öndürip, olary eksport etmäge mümkinçilik berýär. Bizde üzümiň iň gowy sortlary bitýär. Gyzylarbat bilen Hazar deňziniň arasy zeýtun baglaryny ýetişdirmäge ýaramly guşaklyk hasap edilýär. Günbatar Türkmenistanda bitýän zeýtun agajynyň hasyly, sowet alymlary tarapyndan baryp-ha 1920-30-njy ýyllarda geçirilen eksperimental barlaglaryň netijesine görä, öz ýaglylygy boýunça Gresiýanyň zeýtunyndan pes oturmaýar. Ol baglary ýetişdirmek üçin Günbatar Türkmenistanda suwarymly ekerançylygy ýola goýmaly. Munuň üçin köp mukdarda süýji suw gerek. Ol suw ýokdur öýdýänler ýalňyşýarlar. Käbir kosmiki barlaglaryň güwä geçmegine görä, Balkan daglarynyň eteginde ýeriň çuňlugynda suwarymly ekerançylyga ýaramly okeana barabar ägirt uly suw linzasy ýatyr. Biz ol baýlykdan aýawly peýdalanyp, Günbatar Türkmenistanda damjalaýyn suwaryş tehnologiýasy esasynda ýokary medeniýetli suwarymly ekerançylygy ýola goýmaly.

Bu mümkinçilikleriň Türkmenistanyň hakyky durmuşyna öwrülmegi üçin ýurtda çig mal baýlyklaryny we gök-bakja önümlerini dünýä standartlaryna laýyklykda işläp bejerjek döwrebap infrastruktura döredilmeli. Eger-de bu zerur işler döwlet derejesinde ýola goýulsa, onda Türkmenistanda bir ýa on däl, eýse onlarça kanuny millionerleriň dörejekdigine, olaryň hem öz gazanan pullaryny onda-munda busup, bukup ýörmän, ýurduň hem halkyň bähbidine ulanjakdyklaryna hiç hili şübhe bolup bilmez.

Ýöne bu arzuwlaryň durmuşa geçmegi üçin, ýurtda hemme zatdan öňürti düzgün, kanunçylyk ýola goýulmaly, Baş kanun, ýagny Konstitusiýa we ähli beýleki kanunlar edil sagat ýaly işlemeli. Çünki kanunçylygyň ýok ýerinde kanuny millionerler, milliarderler döräp bilmeýär. Bu mümkin däl. Onuň mümkin däldigini Türkmenistanyň garaşsyzlyk döwründe geçen 25 ýyllyk tragiki tejribesi aýnadanam aýdyň görkezýär.

Ak Welsapar, ýazyjy, žurnalist

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *