1991-nji ýyla çenli Türkmenistanda sowet düzgünlerine görä işleýän Poçta gullugy bardy. Onuň işine gowy ýa erbet diýmän, sowet poçtasy diýseň, jüpüne düşer. Sebäbi baha bermek üçin, ony başga ýurtlaryň poçta gulluklary bilen deňeşdirmeli. Sowet döwründe beýle mümkinçilik ýokdy. Ýurtda alternatiw poçta gullugy bolmasa, daşary ýurtlarda onuň nähili işleýändigini bilmeseň, onda hakyky poçta gullugyň nähili bolmalydygyny nädip biljek?
Meselem, Şwesiýada ýurduň islendik ilatly punktundan iberilen adaty hatlar iberilen ýerine bir gije-gündizde barýar. Ekspress hatlar ir bilen iberilse, öýlän iberilen adresine gowşurylýar.
Geliň, sowet poçtasynyň işi ýatlalyň. Mysal üçin, 1960-njy ýyllarda Türkmenistanda oba-şäherleriň arasynda hat bir hepde ýöreýärdi. Bir welaýatyň çäginde-de bir ilatly punktdan beýlekä iberilen hat bir hepde eglenerdi. Emma nämüçindir 1970-nji ýyllarda bu möhlet ýene birnäçe gün uzaldy. Munuň sebäbi 1970-nji ýyllarda hatlaryň, banderollaryň we posylkalaryň prelýustrasiýasynyň, ýagny ýörite gulluklar tarapyndan gizlin barlagynyň güýçlenmegi bilen bagly bolsa gerek.
Hakykatyň hatyrasyna bir zady boýun almaly. Her hal sowet döwründe poçtadan iberilen hatlar, banderollar, posylkalar ýolda ýitmeýärdi. Juda seýrek ýagdaýda bolaýmasa, iberilen adresine iru-giç gowuşýardy. Bu meselede aýratynam Orsýet bilen arada poçta gatnaşygy has ykjamdy. Orsýetden iberilen islendik hat, banderol, posylka hökman iberilen adresine ýeterdi. Eger Moskwanyň gazet-žurnallaryna abuna ýazylsaň, olar wagtly-wagtyna gelerdi. Sebäbi Türkmen poçtasynyň jylawy ol wagt Moskwanyň elindedi.
Ony diýseň, sowet döwründe Türkmenistanyň islendik ilatly punktundan paýtagt Aşgabada iberilen hatlarar, banderollar, posylkalaram şol döwürde 3-4 günde barardy. Emma SSSR ýykylan badyna, Türkmenistanyň poçtasam ýykyldy. Näme diýip, näme aýtjak, indi hatda Aşgabadyň öz içinde-de iberilen hatlar barmaly ýerine barman, ýolda gürüm-jürüm bolýar. Özem diňe bir adaty hatlar däl, eýse sargytly iberilen juda möhüm hatlaram. Hatda prezidente iberilýän hatlaram! Ol hatlara näme bolýandygyny eşitseňiz, siz öz gulagyňyza-da ynanmarsyňyz. Onda bilip goýuň, indi Garaşsyz Türkmenistanyň poçtasy hat çeýneýär! Hawa, Türkmen poçtasy Bagtyýarlyk zamanynda hat çeýneýän poçta öwrüldi.
Meselem, Soltan Açylowanyň 2018-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda prezidente ugradan 3/91 nomerli sargytly hatyny Türkmen poçtasynyň hat sortlaýjy merkezinde transportýor çeýnäp, okamaz ýaly edipdir. Bu barada Türkmenistan Aragatnaşyk Ministrliginiň ”Türkmenpoçta” Poçta Aragatnaşyk Döwlet Kompaniýasynyň başlygy A.H. Annalyýew habar berýär.
Siziň Aşgabadyň poçtasy prezidente iberilen hemme hatlary çeýnär ýaly ol krokodil däl, hatlaň käbiri prezidente baryp ýetýändir diýjeksiňiz. Hawa käbir hatlar, dogrudanam, çeýnelmän sypýan bolmaly. Ony nämeden bilendigimiz aýtsak, içiňizi tutup, kese ýykylarsyňyz. Biz muny, çeýnelmän, Berdimuhammedowa tarap äkidilip barýan hatlaň, ýolda suwa gaçandygy baradaky habardan bildik! Görseňiz-le, Prezidente barýan bir halta hat Köşge ýetmän, ýolda suwa gaçýar. Bu barada bizin elimizde anyk fakt bar. Soltan Açylowanyň 2017-nji ýylyň 21-nji noýabrynda prezidente iberen haty şol suwa gaçan hatlaň arasynda eken. Muny Soltan Açylowa Poçta gullugynyň hut özi habar berýär. Göz öňüne getirip görüň: başga birine däl-de, eýse prezidente, altyn gupbaly köşge barýan bir halta hat ýolda suwa gaçýar! Diýmek, Bagtyýarlyk zamanynda Aşgabadyň içinde bir edaradan beýleki edara poçta eşekli äkidilýän bolmaly. Ýogsa-da, hatly halta ýerden süýrelip äkidilýändir. Sebäbi başgaça bolsa, bir halta hat paýtagtda, onda-da köşge barýarka nädip suwa gaçýar!
Barmaly ýerine baranda, iberene tassyklama gelmeli sargytly hatlar suwa gaçyp, çeýnelip ýok bolýarka, adaty hatlardan näme tama etjek? Aragatnaşyk ministriniň orunbasary Ý. Saryýew Soltan Açylowa 2018-nji ýylyň 19-njy iýunynda iberen 1566 nomerli jogabynda poçta gutusyna atylan adaty hatlaryň iberilen ýerine barmagynyň hökman däldigini ýaňzydýar. Ministrlik poçta gullugynyň işi barada şeýle pikirdekä, poçta nädip işlesin?!
Soltan Açylowa prezidente iberen sargytly hatlary adresata barmansoň, 2018-nji ýylyň 27-nji martynda we 13-nji aprelinde degişlilikde 6 manat 40 teňňe we 8 manat 70 teňňe töläp, ol hatlary ýene bir gezek sargytly ugradýar. Emma olaram kemrysgal Arkadaga barmaýar.
Gepiň tümmek ýeri, bu mysalda Türkmenistanyň prezidenti bilen Türkmenistanyň graždanlarynyň arasynda hiç hili poçta aragatnaşygynyň ýokdugy ýene bir gezek ýüze çykýar. Türkmenistanda bu aragatnaşyk birçak kesildi. Soltan Açylowanyň haty Berdimuhammedowa baryp ýetmedik sanlyja bukja däl. Baryp-ha 2007-nji ýylda ady belli türkmen ýazyjysy ”Döwlet başyna täze prezident geldi. Indi hemme zat düzeler” diýen umyt bilen Berdimuhammedowa üç gezek hat iberdi. Emma olar hiç haçan Berdimuhammedowa ýetmedi. Ýogsa, ol entek şol wagt ýeňles Arkadag däldi, ýaňy işe baslan umyt baglanylýan Gurbanguly Berdimuhammedowdy. Emma Türkmenistanyň bütin Metbugatynyň, Neşirýatynyň we ähli Aragatnaşyk hyzmatlarynyň köşkdäki kuratory Wiktor Aleksandrowiç Hramow eýýäm şol wagt Berdimuhammedow bilen halkyň arasyny doly kesipdi.
Şonuň üçinem Soltan Açylowanyň we beýleki müňlerçe türkmenistanlylaryň hat ýazyp, prezidente öz seslerini ýetirjek bolup kösenip ýörmesi diňe ýüregiňi gyýýar. Adamlar, size Berdimuhammedowdan gökdäki bulut ýakyn! Gökdäki gara buluda hat ýazsaňyz, şondan jogap gelse geler, emma Berdimuhammedowdan jogaba garaşmaň! Sebäbi Berdimuhammedowy prezident saýlan siz däl, Hramow bilen Žadan. Onsoň ol diňe şolara hyzmat edýär. Siziň hatyňyzy ol nämüçin okasyn? Nä onuň size galan güni barmy?!
Prezidente iberilýän hatlaryň ykbaly şeýle bir keç welin, olaryň çeýneleni çeýnelýär, çeýnelmedigi suwa gaçýar, suwa gaçmadygy oda gaçýar, oda gaçmadygyny-da syçan kertýär! Emma Soltan Açylowa bu barada döwletde tertip-düzgüniň, kanunçylygyň ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmeli döwlet prokuraturasyna resmi suratda ýüz tutanda, Köpetdag etrap prokuraturasynyň baslygy haýsydyr bir H.P. Kurbanow 2018-nji ýylyň 14-nji iýulynda prokuratura tarapyndan ”…täsir ediş namasyny getirilmäge esas tapylmady” diýip, juda başdansowma hem juda bisowat jogap berýär. Üns berip görseň, Kurbanow diýen adamynyň bir günem prokuror bolup oturmaga haky ýok. Sebäbi bary-ýogy alty aýyň dowamynda Türkmenistanyň prezidentine ýazylan dört sany sargytly (ýagny sowet döwründe aýdylyşy ýaly, zakaznoý) hat ýitýär, emma prokuror Kurbanow bu hadysada hiç hili bidügünçilik görenok.
Türkmen telewideniýesi Türkmenistany bagtyýar ýurt, Berdimuhammedowy hem tutuş adamzadyň aladasyny edip ýören läheň edip görkezse-de, ýurtda hiç bir kanunçylyk ýok, Arkadag diýilýän adam bolsa hatda Türkmenistanda düzüwli poçta aragatnaşygynydyr Interneti hem ýola goýup bilenok! Siz bolsa ondan arsyz zat hantama! Ukudan oýanyň, adamlar, siziň diňe bir hatyňyz däl-de, eýse hakyňyz çeýnelýär!
Ak Welsapar, ýazyjy, žurnalist