Goýun derisine giren möjek (2 / 7)

https://flickr.com/photos/9228922@N03/

Geliň biz, ikinji gepleşigiň başynda näme sebäpden Türkmenistanyň Telewideniýe, Radiogepleşikler we Kinematografiýa baradaky Döwlet komitetiniň düzüminde ”Hojalyk hasaplaşygy usulynda işleýän Döwlet Teleradiomerkez kärhanasynyň” döredilmeginiň düýp sebäbine düşünjek bolalyň. Elbetde, bu aňsat iş däl. Şonuň üçinem bu derňew makalasyny soňuna çenli kanagat bilen diňlejek boluň. Sebäbi bu wagt biz bazarlarda, dükanlarda ýa ulag üstünde adamlary bir-birden çürkeýän ownuk jübi ogrularynyň däl-de, eýse döwleti aýratyn uly möçberde çürkeýän aýratyn uly ogrynyň gürrüňini edýäris.

Döwletiň 100 millionlap dollaryny ogurlamak üçin Serdar Ekeýewe hem onuň hemşerilerine Türkmenistanyň Telewideniýe, Radiogepleşikler we Kinematografiýa baradaky Döwlet komitetiniň düzüminde mekir kärhana döretmek hem ençeme döwlet işgärleriniň bu mekirlige uzak ýyllaryň dowamynda göz ýumup gelmegini gazanmak başardypdyr.

Bu ýerde bellemeli zat, eger Teleradio we Kinematografiýa baradaky Döwlet komitetiniň maliýe işleri saýhally hem aýdyň bolsun diýseň, onda bu Komitet, gerekli enjamlary, abzallary, rekwizitleri almak, studiýalaryň bezegini ýokary derejede gurnamak üçin döwlet býujetinden berilýän ýyllyk maliýe serişdelerini özi harçlamaly, gerek zatlaryň hemmesini özi satyn almaly. Şonda Komitetiň ýyllyk girdejileri hem çykdajylary aýna ýaly aýdyň bolar. Şonda, aýdaly, Komitete her ýylda bölünip berilýän 280 million manadyň (bu summa dollaryň türkmen manadyna görä häzirki resmi kursuna görä, 350 million manadam bolup biler) näçesi işgärleriň aýlygyna, galamhakyna, beýleki töleglere, näçesi täze enjamlary, rekwizitleri almaga, ýene näçesi-de studiýalaryň interýer bezeg işlerine sarp edilipdir – ýylyň ahyrynda bularyň hemmesi aýdyň bolar.

Emma beýle aýdyňlyk diňe döwlete, halka gerek. Ogrulara welin, eýdip-beýdip, dürs hasaby bulaşdyrmak gerek. Munuň üçin iň amatlysy-da – döwletiň puluny ol edaradan beýleki edara geçirip, aýlap-dolap, maliýe-gözegçilik edaralarynyň, Baş prokuraturanyň gözüne çöp atmaly. Diýmek, döwlet býujetinden bölünip berlen puly başga edara, özem mümkin bolsa hususy, o bolmasa-da hojalyk hasaplaşygy usulynda işleýän edara geçirip, öz etmeli işiňi şoňa tabşyrmaly. Ana şonda ikarada gözbagçylyk edip, ummasyz uly pul serişdelerini ýele sowurmaga mümkinçilik döreýär. Türkmenistanyň Telewideniýe, Radiogepleşikler we Kinematografiýa baradaky Döwlet komitetiniň düzüminde ”Hojalyk hasaplaşygy usulynda işleýän Döwlet Teleradiomerkez kärhanasy-da” häzirki görnüşinde hut şol uly möçberdäki gözboýagçylyk üçin oýlanyp tapylan kärhana.

Emma bu ýerde ýene bir kynçylyk bar. Eger Teleradio we Kinematografiýa baradaky Döwlet komiteti telekameralarydyr-mikrofonlary, beýleki enjamlary hem rekwizitleri satyn almak, öz studiýalaryny abzallaşdyrmak hem yzygiderli kämilleşdirmek işlerini hususy ýa hojalyk hasaplaşygy usulynda işleýän kärhana tabşyrsa, onda döwlet-maliýe gözegçilik edaralaryndan, Baş prokuraturadan, MHM-niň degişli gözegçilik bölüminden tapawutlylykda, parahorlukdan daşda durýan bir barlagçyň ”Adamlar, bu bolmaz, döwlet edarasy özüne gerek elektron enjamlary, rekwizitleri satyn almagy, studiýalary abzallaşdyrmagy, gurnamagy hojalyk hasaplaşygy usulynda işleýän kärhana ynansa, onda bu döwlete birnäçe esse gymmat düşer. Bu ýerde uly ogurlyga ýol açylýar, döwletiň puly ýele gider!” diýmegi ähtimaldyr.

Emma Serdar Ekeýew we onuň uzaga çeken urdumşalygyna ýol açan adamlar irde-giçde özleriniň bu soraga jogap bermeli boljakdygyny ilkibaşdan göz öňunde tutan bolmaga çemeli. Belki şonuň üçinem olar, döwlet edarasyna garanda, öz eline düşen maliýe serişdelerini has erkin tas bihasap sowup bilýän ”hojalyk hasaplaşygy usulynda işleýän kärhana” alagada döwlet statusyny beripdirler.

Bu mekirligi amala aşyrmak üçinem Serdar Ekeýewiň ”Hojalyk hasaplaşygy usulynda işleýän Teleradiomerkez kärhanasy” Türkmenistanyň Telewideniýe, Radiogepleşikler we Kinematografiýa baradaky Döwlet komitetiniň öz içinde döredilip, oňa-da (haýranlar galaýmaly!) döwlet statusy berlipdir!

Netijede goýun derisine giren ýyrtyjy möjek Döwlet Komitetiniň içinde ýatyp, ýyllarboýy býujetden gelýän serişdeleri gemrip ýatmaga mümkinçilik alypdyr. Hut şunuň ýaly ýerindengelme mekirlige-de biziň ata-babalarymyz ”Hem şehit boljak, hem diri gezjek” diýip baha beripdirler. Sebäbi hususy ýa hojalyk hasaplaşygynda işleýän kärhana döwlet kärhanasy bolup bilmeýär. Bu diňe gündiziň güni döwletiň millionlap puluny ogurlamak üçin oýlap tapylan aýratyn uly derejedäki mekirlikdir.

Ak Welsapar

2019-12-28

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *