Boş zaldaky boş çykyş

2018-nji ýylyň 25 sentýabr-1-nji oktýabr aralygynda Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 73-nji Sessiýasy bolup geçdi. Onda 29-njy sentýabrda Türkmenistanyň diktatory Gurbanguly Berdimuhammedow çykyş etdi. Emma özüni sylaýan ýurtlaň baştutanlarynyň biri-de onuň çykyşyny diňlemäge gelmedi.

Baş Assambleýa – BMG-niň alty sany esasy guramasynyň biri we onuň esasy maslahat beriji, direktiwalaýyn we wekilçilik guramasy. Onda 193 agza döwletleriň hemmesiniň deň wekilçiligi bar, ýagny bir agza – bir sese eýe. Agzalaryň hemmesiniň Baş Assambleýanyň Sessiýasyna gatnaşmaga we bu tribunadan çykyş edip, özleri üçin möhüm bolan halkara meseleleri orta atmaga hakly.

Bu unikal forumda 193 agza döwletleriň hemmesine deň orun berilýär we onda, BMG-niň Düzgünnamasyna laýyklykda, ösüş, parahatçylyk hem howpsuzlyk, halkara hukuklary we halkara meseleleriniň beýleki iň giň sanawy boýunça pikir alşylýar.

Başda belleýşimiz ýaly, Baş Assambleýanyň Sessiýasynda her döwlet diňe bir sese eýe. Ýagny Assambleýada uly bolsun, kiçi bolsun hemme döwlete öz sözüni aýtmaga deň mümkinçilik berilýär. Döwletler diňe bir ýagdaýda, ol hem eger öz agzalyk tölegini tölemedik bolsa, öz sesinden kesilip bilinýär.

Baş Assmableýanyň, belli bir işleri ýerine ýetirmek üçin döreden birnäçe kömekçi organlary bar we olar komitetlerden, dolandyryşlardan, geňeşlerden hem işçi toparlarden ybarat.

Gün tertibindäki meseleler geňeşilenden soň, Assambleýanyň plenar ýygnaklarynda degişli kararlaryň kabul edilmegi üçin, dürli ýurtlaryň çemeleşişini nazarda tutýan ortak warianty işläp düzmek we ylalaşmak üçin, kömekçi organlar, proýekt, ýagny taslama, rezolýusiýa, karar görnüşinde, öz tekliplerini hödürleýär.

Baş Assambleýanyň özi tarapyndan onuň prosedura Düzgünleri öňden işlenip düzülen we ykrar edilen. Şol düzgünlere laýyklykda, her täze Sessiýanyň öňünden onuň Başlygy hem orunbasarlary saýlanylýar. Baş Assambleýanyň Sekretariaty dokumentler, çykyş etjek oratorlaryň sanawyny düzmek we BMG-niň žurnalynda çykýan bildirişleri, maglumatlary ýerleşdirmek bilen meşgullanýar.

Delegatlaryň sorag dokumentleri her ýyl täzelenýär we edil Baş Assambleýanyň Sessiýasynyň öňüsyrasy çykýar.

Gepiň gysgasy, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Sessiýasy her ýylda bir gezek geçirilýän adaty bir ýygnak. Bu ýygnagyň tribunasyndan her döwlet özüçe peýdalanýar. Agyzly, edenli döwletler, öz halkynyň agysyny aglaýan prezidentler, premýer-ministrler bu tribunadan halkara arenasynda öz ýurdunyň bähbitlerini goraýarlar. Uly döwletler öz döwletiniň hakyny iýýän bolsa, onda Baş Assambleýanyň Sessiýasynyň tribunasyny bu adalatsyzlygy, öz ýurtlarynyň uçran kynçylyklaryny dünýä jar edip, halkara derejesinde adalatyň dikeldilmegini gazanýarlar.

Türkmenistan häzir agyr ykdysady ýagdaýy, dogrusy, döwletiň düýp esaslaryny sarsdyrýan agyr krizisi başdan geçirýär. Bu krizisiň esasy sebäpkäri, elbetde, Aşgabatda ornaşan kütek hem bikanun diktatorçylyk režim. Resmi Aşgabat halkyň hakyny iýýär, döwlet gaznasyny dargadýar, gündelik adam hukuklaryny bozýar. Emma bu krizisiň döremegine täsir edýän daşky sebäplerem bar. Meselem, eger-de SSSR ýykylaly bäri Orsýet türkmen gazyny Hazar deňziniň astyndan Ýewropa bazaryna akdyrmagyň öňüni alyp gelmedik bolsady, onda häzir Türkmenistan dünýäniň ň baý we gülläp ösýän ýurtlarynyň biri bolardy.

Bu problema indi ýyllar boýy dowam edip gelýär. Emma Türkmenistanyň prezidentleri, has dogrusy, özüne Türkmenbaşy, Arkadag diýip gopbamsy at dakynýan diktatorlary hiç haçan BMG-niň Baş Assambleýanyň belent tribunasyny bu problemany çözmek üçin ulanmadylar. Sebäbi Nyýazowam, Berdimuhammedowam diňe biçäre türkmen halkyny ezmeli, onuň hakyny iýmeli bolanda batyr. Emma halkara arenasynda Türkmenistanyň hakyny talap etmeli bolanda, olar edil ulugyz ýaly utanjaň, hakyky namartlar kimin ýöwsel, gorkak. Gepiň keltesi, merhum Nyýazowam şeýledi, Berdimuhammedowam hakyky öýdebatyr. Olaryň ähli mekirligi, diýdimzorlugy diňe türkmeniň hakyny iýmäge gönükdirilen.

Ine, hemişeki ýaly, bu gezegem Gurbanguly Berdimuhammedow türkmen halkynyň hasabyna Aşgabatdan Amerika uçup baryp, Baş Assambleýanyň tribunasyndan kän ýyllardan bäri Türkmenistanyň öňünde keserip duran, bu regionda ony elgarama hala salan halkara ýagdaýlar barada kelam agyz dil ýarman yzyna gaýtdy.

Türkmenistanyň ýakasy gaýyşly diktatorynyň gulak asarlyk zat aýtmajagyny, hiç bir suwytly mesele gozgamajagyny öňünden belet agza döwletleriň baştutanlary-da onuň çykyşyny diňlemäge gelmediler. Berdimuhammedow boş zalda boş çykyş etdi. Ullakan zalda oturan adamlar keliň saçyndan kän däldi, zalda Täjigistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Wetnamyň, Owganystanyň, Wenesuelaň we ýene birki sany kiçi ýurtlaň ikinji ýa on ikinji derejeli wekilleri bardy.

Zal boş ýatdy. Elbetde, ol zalda Berdimuhammedowyň ors dilinde beýan edýän we Muhammetnazar Gapurowyňdyr Saparmyrat Nyýazowyň sowet döwründe Gupbaly jaýda edýän çykyşlaryny ýatladýan 2019-njy ýyly ”Parahatlyk hem Özara ynam” ýyly diýip yglan edeliň diýen we manysy sowet döwründäki ”Miru – mir!” diýen şygara syrygýan teklibine zalyň ortasynda oturan birnäçe adamdan ybarat türkmen delegasiýasy aldygyna baş atdy. Olar Reşit Meredow, Aksoltan Ataýewa, Meret Orazow we hatda BMG-niň Sessiýasynda-da ýüzüni galdyryp bilmän, sülmüreşip oturan ýene üç sany türkmen bardy.

Şeýdibem BMG-niň Baş Assambleýanyň nobatdaky 73-nji Sessiýasy Türkmenistan hem türkmen halky üçin ýene-de düýbünden netijesiz gutardy. Berdimuhammedow, gynasagam, şeýdip boş jaýda boş çykyş edip, hil bir iş bitiren kişi bolup, gabarylyp, Türkmenistana, ýagny özüniň gije-gündiz öwülýän gul bazaryna dolandy.

Ak Welsapar, ýazyjy, žurnalist

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *