Film hakykaty açýar…
Bu dokumental film – gymmatly taryhy fakt. Ol 1990-njy ýylda alnan we onda TKP MK-nyň şol wagtky 1-nji sekretary Saparmyrat Nyýazow bilen Aşgabat etrabyndan oba adamlarynyň duşuşygy görkezilýär. Üns berseň, filmde adamlaryň özüni häzirkiden has erkin duýýandygyny görse bolýar. Oba adamlarynda bilesigelijilik bar, emma olaryň ýüzünde, özlerini alyp barşynda gorky, ýaranjaňklyk ýok! Ýogsa şol wagt, 1990-njy ýylda, Türkmenistan Orsýete baknady. Emma, indi görseň, ol wagt halk häzirkiden has erkin, has mertebeli eken. Muňa göz ýetirmek uçin, filmdäki bir epizoda üns bermeli. Filmiň 4 min. 50-nji sekundynda kolhoz başlygy Baýram (filmde onuň familiýasy belli edilmeýär) oba ýaşaýjylarynyň isleglerini sanap durka, geljekki diýdimzor diktator, ol wagt boýny gyzyl galstukly kommunist, Moskwanyň hyzmatkäri S.Nyýazow onuň sözüni bölmäge synanyşýar. Emma kolhoz başlygy Baýram sözüni böldürenok, ol öz diýjegini soňky nokadyna çenli diýýär.
Eýse, Türkmenistanda häzir bu mümkinmi? Ýok. S.Nyýazow bilen G.Berdimuhammedow Garaşsyzlyk döwründe Türkmenistany türkmeniň baýdakly dowzahyna öwürdiler, halk täzeden has erbet gulçulyga düşdi. Indi oba adamlary beýle-de dursun, hatda alymlar, ýazyjylar, žurnalistler we beýleki intelligensiýa wekilleri-de prezidente öz diýjegini diýip bilenoklar, hatda oňa soragam berip bilenoklar. Adamlar öňki diş doktory G.Berdimuhammedowyň gözüne seredip bilmän, sazanaklaşyp durlar. Telewizorda çykyş edýänler her demde ”hormatly prezidentimiz, arkadag” diýip gaýtalamasalar, ol gepleşik ýatyrylýar, halka görkezilenok. Berdimuhammedowyň ady häzirki wagtda Türkmenistanda Muhammet Pygammeriň, hatda keramatly Allanyň adyndanam has ýygy tutulýar! Bu heniz adamzat taryhynda görlen zat däl, bolmaly zadam däl!
Bu ýagdaýdan çykalga barmy? Bar. Türkmenler öz köklerini, özleriniň kimdigini, öz mert ata-babalaryny ýatlamaly! Özüçe ýok dikmeleriň öňünde bil bükmeli däl! Gul bolup ýaşamakdan bütin il bolup boýun gaçyrmaly! G. Berdimuhammedowyň, bolup bilse, özleri ýaly adamdygyny göz öňünde tutmaly. Hakykatda onuň kütek hem çalasowatdygyny, bu wezipä-de diňe S. Nyýazowyň ”elini ogşap, dabanyny ýalap” ýetendigini unutmaly däl. Prezidentligi kese ýerlilere hem ýaranjaňlara daýanyp basyp alan S.Nyýazow we G.Berdimuhammedow türkmeniň asyrlar boýy çemçeläp ýygnan abraýyny bary-ýogy 25 ýylda çanaklap dökdüler. Ýaranjaňlygy, parahorlugy döwlet syýasatyna öwrüp, türkmeni bütin dünýä masgara etdiler. Ýurt doly korrupsiýa, parahorluga, ogurlyga eden-etdilige batdy. Berdimuhammedowyň maşgalasy, doganlary, ýegenleri soňky ýyllarda ýurdy hut öz şahsy mellegine öwürdiler. Türkmenistan bu sütemden dynmaly. Berdimuhammedowy we onuň sütemkär ýaranlary Hramowdyr Žadany wezipeden aýryp, ýurdy neokolonial gulçulykdan azat etmeli!
Türkmenistanda adamlar G.Berdimuhammedowyň hatda öz çykyşynam özüniň ýazyp bilmeýändigini bilýärler. Onuň çykyşlaryny Wiktor Hramow ýazýar we soňra ol türkmençä geçirilýär. Dört ýyl mundan öň maňa birnäçe gezek Berdimuhammedowyň öz eline taýynlap berlen çykyşyny ýat tutup oturyşyny kesesinden synlamak miýesser etdi. Şol wagt ol hut ikilikçi mekdep okuwçysyny ýatladýardy. Onuň iki sözüň başyny çatyp bilmeýändigi üçin Ministrler kabinetiniň ýygnaklarynda, her bir çykyşy iki gezek okalyp, telewideniýe üçin iki gezek ýazylýar. Birinji gezekde ol öz çykyşyny boş zalda okaýar. Ikinjide, şol bir tekst ýygnaga gatnaşýanlaryň öňünde okalýar. Soňra Telewideniýe onuň iki çykyşyndan halk üçin bir WIDEO taýýarlaýar. Prezidentiň öz çykyşyny itinip okaýandygyny görmezlikleri üçin hem Ministrler kabinetiniň ýygnaklarynda onuň ýüzüne seretmek gadagan.
Halk syýasy göreşe galkmasa, bu zulum hiç haçan gutarmaz. Topragyň astyndaky tebigy baýlyklar ýele sowrulmanka, ýurda eýe çykalyň! Döwleti Berdimuhammedow dolandyranok, ol aýdym aýdýar, saz çalýar, kitap ”ýazýar”, tigir sürýär. Ýurdy dolandyrýan – kesekiler. Bu milli gulçulygyň täze bir görnüşi. Goý, her bir türkmen özi hem ýurt hakda çynlakaý oýlansyn. Ýurduň geljegi hakda oýlanmak ählihalk parahat göreşiň başlangyjy bolar! Ýaşasyn türkmen azatlygy!
Ata Ýyldyrym, Aşgabat